Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň ozalky saglyk ministri sorag etmek üçin tussag edildi

Aziz Batukaýew
Aziz Batukaýew

Gyrgyzystanyň ozalky saglyk ministri Dinara Sagynbaýewa 2013-nji ýylda Gyrgyzystanyň iň bellentgi jenaýat ketdesi Aziz Batukaýewiň türmeden ir boşadylmagy bilen bagly sorag etmek üçin tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň 15-nji maýda çap edilen beýanatynda aýdylmagyna görä, Sagynbaýewa "Batukaýewiň “bikanun ir boşadylmagyna” dahyllylykda güman edilip, deslapky tussaghana ýerleşdirildi”.

Batukaýew 2013-nji ýylda leýkemiýa, akganlylyk diagnozy goýlup, türmeden ir boşadylanda Sagynbaeýewa Gyrgyzystanyň saglyk ministri bolup işleýärdi. Soňra tussagyň diagnozlarynyň galplaşdyrylandygy mälim boldy.

Gyrgyzystanyň IIM-niň maglumatyna görä, bu iş bilen baglylykda ozalky hökümet resmileriniň başga-da birnäçesi tussag astyna alyndy. Emma olaryň atlary aýdylmady.

Batukaýewiň 2013-nji ýylyň aprelinde türmeden boşadylmagy galmagala sebäp boldy we premýer-ministriň orunbasary Şamil Atahanowyň işden çekilmegine, ýurduň ombudsmeniniň işden boşadylmagyna alyp geldi.

Etniki çeçen bolan Batukaýew 2006-njy ýylda, birnäçe agyr jenaýat, şol sanda gyrgyz deputatynyň we IIM-niň resmisiniň öldürilmegi bilen baglylykda, 17 ýyla golaý türme tussaglygyna höküm edildi.

Ol türmeden boşadylan badyna Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitindäki Çeçenistana gitdi.

XS
SM
MD
LG