Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Roskosmos” kosmos agentliginiň uly derejeli resmisiniň ýurtdan gaçandygy aýdylýar


Roskosmos korrupsiýa taslamasy
Roskosmos korrupsiýa taslamasy

Orsýetiň “Roskosmos” kosmos agentliginiň uly derejeli resmisi Ýuriý Ýaşkiniň, ýolbaşçylyk edýän hemra we ballistiki raketa barlaglary merkezinde geçirilýän barlaglar we derňewler arasynda ýurtdan gaçandygy aýdylýar.

Orsýetiň media maglumatlarynda Ýaşkiniň aprelde resmi biznes işleri üçin “Roskosmos” tarapyndan daşary ýurda iberilendigi we heniz yzyna gaýdyp gelmändigi bellenilýär.

“Roskosmosyň” Kosmos tehnologiýalary üçin ylmy-barlag institutynyň resmileri Ýaşkiniň, merkeziň baş direktorynyň daşary ýurda gideninden soň wezipesinden çekilmek barada arza berendigini tassyk etdiler.

Ýaşkin bu ylmy-barlag institutynda 1993-nji ýyldan bäri işleýärdi we 2012-nji ýylda onuň baş direktory wezipesine bellendi.

Rus resmileri 2019-njy ýylda bu institutda aýry-aýrylykda 14 audite we derňewlere başladylar.

Ýaşkiniň edil häzirki ýerleşýän ýeri barada bada-bat hiç zat aýdylmady. Emma Orsýetiň “Kommersant” gazeti onuň ýakynda Gresiýada görlendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG