Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Tramp bilen duşuşyp biljekdigini aýdýar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öňümizdäki aý Ýaponiýada geçiriljek G-20 sammitiniň dowamynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyp biljekdigini aýtdy.

13-nji maýda Tramp çykyş edip, sammitiň çäklerinde Putin bilen duşuşmagy göz öňünde tutýandygyny aýdypdy.

Soçi şäherinde Awstriýanyň prezidenti Aleksandr Wan Der Bellen (Alexander Van der Bellen) bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynyň dowamynda Putin, ABŞ-nyň içerki syýasaty mümkinçilik beren pursady, Russiýanyň Waşington bilen gantaşyklaryny gowulandyrmaga doly taýýardygyny aýtdy.

“Biz gatnaşyklarymyzy gowulandyrmaga taýýar. Emma, bu bize bagly däl, bu amerikan hyzmatdaşlarymyza bagly. Olaryň muňa taýýar bolan, içerki syýasatynyň munuň amala aşmagyna mümkinçilik beren pursady, biz hem taýýar bolarys” diýip, Putin belledi.

14-nji maýda Putin ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen duşuşan pursady Moskwa bilen Waşingtonyň gatnaşyklarynyň “doly dikeldiljekdigine” umyt bildirýändigini aýtdy. Ol Trampyň hem muny isleýändigini çaklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG