Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň “ýakyn wagtda” gepleşmek islejekdigini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tähranyň “ýakyn wagtda” Waşington bilen gepleşikleri geçirmek islejekdigine ynamlydygyny aýtdy. Şeýle-de, ol özüniň administrasiýasynda Eýran babatyndaky alnyp barylýan syýasat boýunça närazylyklaryň bardygy baradaky maglumatlary inkär etdi.

“Men Eýranyň ýakyn wagtda gepleşik geçirmek islejekdigine ynanýaryn” diýip, Tramp 15-nji maýda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Mundan öň, ýagny 9-njy maýda Tramp Eýrana garşy harby operasiýa mümkinçiligini hem aradan aýyrmaýandygyny aýdypdy.

Emma, ol: “Men olaryň maňa jaň etmegini isleýärin” diýip, hem sözüne goşupdy.

Eýranyň liderleri bolsa, Waşington bilen hiç hili gepleşikleriň geçirilmejekdigini aýdyp jogap berdiler.

Geçen ýyl Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýylda dünýäniň iri döwletleri bilen Eýranyň arasynda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar has-da ýitileşip başlapdy.

XS
SM
MD
LG