Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa geňeşi 70 ýyllygyny belleýär


Finlandiýa zalynda 1975-nji ýylda, Sowuk uruş dartgynlyklaryny gowşatmak tagallalarynyň çäginde, Helsinki şertnamasyna gol çekildi.
Finlandiýa zalynda 1975-nji ýylda, Sowuk uruş dartgynlyklaryny gowşatmak tagallalarynyň çäginde, Helsinki şertnamasyna gol çekildi.

Ýewropa geňeşi, Orsýet bilen gatnaşyklarynyň üns merkezine gelmegi bilen, Finlandiýada kontinentiň esasy adam hukuklary guramasynyň 70 ýyllygyny belleýär.

Ýewropa ýurtlarynyň 30-dan gowrak daşary işler ministri Helsinkide, taryhy Fuinlandiýa zalynda 16-njy maýda başlanan iki günlük duşuşyga toplandy. Bu ýerde 1975-nji ýylda, Sowuk uruş dartgynlyklaryny gowşatmak tagallalarynyň çäginde, Helsinki şertnamasyna gol çekildi.

Orsýet bu geňeşe 1996-njy ýyldan bäri agza bolup durýar, emma Geňeş Moskwa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny ele geçirip, bu sebiti anneksiýa edeninden soň onuň ses bermek hukugyny togtatdy.

Orsýet muňa jogap edip, özüniň geňeşe 37 million dollara barabar ýyllyk tölegini doňdurdy. Bu Fransiýada ýerleşýän Strasburg guramasynyň býujetiniň 7 prosentine golaý serişde bolýar.

Agzalyk töleginiň tölenmezligi Orsýetiň şu ýylyň iýunynda bu gurama agzalygynyň togtadylmagyna hem getirip biler.

Emma Moskwa soňky günlerde, hukuk gözegçiligi guramasyndan haýdan-haý çykmak planlarynyň ýokdugyny aýdyp, gatnaşyklary gowulandyrmak isleginiň alamatlaryny görkezdi.

XS
SM
MD
LG