Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Täjikfilm” täjik blogerleriniň Youtubede goýýan wideoroliklerine kontrollyk etmekçi


«Täjikfilm» wideorolikleriň many mazmunyna, şol sanda täjik blogerleriniň Youtubede goýýan roliklerine gözegçilik etmekçi, sebäbi salgyt toplaýjylar blogerler hem beýleki raýatlar ýaly, hökman salgyt tölemeli diýýär.

Öz gezeginde blogerler meseläniň şeýle goýulmagyna närazy bolup, munuň özi olara edilýän täze bir basyş hem-de özboluşly senzura – çäklendirme hasaplaýarlar.

«Täjikfilmi» dolandyryjylar resmi haýyş bilen Youtube ýüzlenip, bu wideokanaldan özleriniň razylygy bolmazdan, täjik wideoblogerleriniň wideosyny goýmazlygy haýyş etdi. Bu işe jogapkär «Täjikfilmiň» resmisi goýulýan käbir wideolaryň mazmuny üçin özleriniň utanmaly bolýandygyny aýtdy. Bu nägilelik bilen blogerler ylalaşmaýarlar, olar Youtubede goýýan zatlarynyň şol sebit üçin gyzyklydygyny aýdýarlar.

«Bary kolhoz»

«Täjikfilmiň» döwlet direksiýasynyň müdiri Nosir Rahmon ýurduň häzirki dowam edýän kanunyna laýyklykda audio we wideo materiallary, şeýle hem wideorolikleri döredijiler hökmany ýagdaýda rugsat almalydyr diýip, geçen hepdäniň aýagynda Azatlyk Radiosyna aýtdy. Rahmonyň sözüne görä, ol wideo düşürijileriň işlerine garşy däl, ýöne Youtubede goýulýan widerolikleriň hiliň pesligine we mazmunynyň ýaramazlygyna alada bildirýär

Nosir Rahmon
Nosir Rahmon

“Wideoroligi owaly bilen biz hökman görmeli. Şol rolikleriň käbirine seredende adamlar utanýarlar. Beýleki ýurtlardan Youtubede goýulýan roliklere seredeniňde, ýürekden dynç alýaň. Bizde bolsa bary kolhoz” diýip Azatlygyň gürrüňdeşi belledi.

Täjigistanda Youtubeniň öz wekili ýok. Nosir Rahmonyň sözüne görä, olar Orsýetden hem Gazagystandan Youtubeniň wekilini tapyp, oňa resmi ýüzlenmäni ýollap, ýörite rugsady bolmasa, Täjigistandan bolan wideorolikleri ýerleşdirmezligi haýyş edipdirler.

Soňky ýyllarda Täjigistanyň onlarça graždany Youtubede wideomaterialyny ýerleşdirmek üçin, öz akkauntyny açdy. Wideoblogerler dürli temalary gozgamaga çalyşýarlar, olar ýerli bazarlarda awtoulaglaryň bahalaryndan başlap, bazarda goýnuň bahasyny ýa-da ýurduň dürli ýerlerinde ýaşaýyş jaýlaryň nyrhyna çenli berýärler.

Ýurduň tebigaty barada gepleşik taýýarlaýan blogerlerem bar ýa-da soňky ýerli şowhun-biznes wakalary barada wideorolik goýýarlar. Blogerleriň arasyndaky dil üsti käýişmeler hem jedeller blogerleriň işiniň bir bölegi bolup durýar.

«Näme üçin men hökman rugsat soramaly?»

Youtubede öz sahypasy bolan ýaş täjik blogeri Saidjon Ýusufzod üçin wideoroligi surata düşürmek hem ony montaž etmek bir pişe bolup durýar. “Men Youtube sahypajygymy özüm döretdim. Göwnüme ýaran wideomateriallary şonda ýerleşdirýän. Munuň bilen men kanuny bozmaýan bolsam, näme üçin men kimdir birinden rugsat soramaly?” diýip ýüzlenýär.

Saidjon Youtubede goýulýan käbir wideolaryň kadaly ahlak ýörelgelerini bozýandygyny belleýär. Ýöne onuň pikiriçe, munuň özi wideoblogerleriň hyzmatynyň üstünden doly gözegçiligi ýola goýmaga sebäp däl.

«Soňky döwürde Internetde ‘ärli aýal nikasyna dönüklik edende tutuldy‘ ýa-da ‘gelini keseki adam bilen görüpdirler‘ ýaly temadan köp wideo peýda boldy. Aýry-aýry blogerler öz tomaşaçysyny köpeltmegi maksat edinip, şeýle “masgara ediji” wideorolikleri goýýarlar hem munuň üçin köp pul alýarlar. Menem şeýle sahypalaryň düzgüne girizilmeginiň tarapynda. Ýöne şol kanaly ýapmak ýa-da görnüşden aýyrmak üçin, Youtube arz etmek ýeterlik» diýip, Ýusufzod aýdýar.

Bilermen: «Biz ýene masgara bolýas»

Bilermenleriň pikirine görä, Täjigistandan blogerleriň sanynyň artmagy gowy ýagdaý, ýöne «Täjikfilmiň» Internet ulgamyna gözegçiligi ýola goýjak bolşy aýtaryn bir çäklendirme.

Täjik eksperti Rustam Gulowyň sözüne görä, blogerler kämil wideorolikleri taýýarlap bilmeýärler, şonuň üçin olaryň işlerine professional kinonyň derejesinden seretmek ýalňyşlyk bolar.

Rustam Gulow
Rustam Gulow

«Beýleki tarapdan, olaryň goýberýän rolikleriniň hiliniň gowulanmagy üçin, blogerleriň sanynyň artmagyny gazanmaly. Oýlanylmadyk bir iş bilen biziň ýurdumyzy ýene dünýä masgara etmegiň hajady ýok» diýip, Gulow aýdýar.

«Wideoblogerler hökman salgyt tölemeli»

Şol wagtyň özünde ýurduň Salgyt komiteti Youtubede öz wideoroliklerini goýýan blogerleriň beýleki adamlar ýaly hökmany salgyt tölemelidigini aýdýarlar.

Salgyt komitetiniň wekillerinden biri Zawkibek Şodiýen Azatlyk Radiosyna ýurduň salgyt kodeksinde wideoblogerleri salgytdan boşatmaly diýen aýratyn kanunyň ýokdugyny aýdyp, olar hem beýleki raýatlar ýaly “öz girdejisinden hökman salgyt tölemelidir” diýdi.

Zawkibek Şodiýon
Zawkibek Şodiýon

«Täjigistanyň islendik raýaty ýurduň içinde we onuň çäginden daşarda alan girdejisi üçin salgyt tölemäge borçludyr. Salgytdan gaçýanlar ýa-da ony tölemedikler kanun esasynda jezalandyrylýar» diýip, salgytçy aýtdy.

Blogerleriň hem beýleki kärendeler ýaly, edýän işi üçin patent ýa şahadatnama almalydygyny we salgyt tölemelidigini belledi.

Gazanja kowalaşmak

2018-nji ýylda Youtube ulanyjylar reklamadan gelýän girdejisiniň 60% şol döwletiň bu sosial ulgamy peýdalanyjylary üçin harçlamagy özlerine borç edindiler. Şeýle ýüzlenme şu ugurdan gazanç etjek bolýan täjigistanly wideioblogerleriň köpüsinde nägilelik döretdi.

Häzir täjik wideoblogerleriň köpüsiniň bu sosial wideokanalda öz sahypasy bar, olar bu ýerde öz işlerini hem başgalaryň wideoroliklerini goýup, ýurduň ilatyny ony görüp, ‘hezil etmäge’ çagyrýarlar.

Bu sahypalara ýazylan müňlerçe tomaşaçy ýyl boýunda 4 müň sagatdan gowrak oňa tomaşa edýär, ony goýujylar bolsa mundan öz girdejisini alýar. SSSR-den soňky giňişlikde her müň gezek görlen rolik üçin 20 – 50 sent aralygynda girdeji almak mümkin.

XS
SM
MD
LG