Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pars aýlagynda uçýan ýolagçy uçarlaryna duýduryş berýär


Federal awiasiýa adminstrasiýasy ABŞ-nyň Pars aýlagynyň suwlarynyň üstünden uçýan kommersiýa uçarlaryna duýdurdyş berdi.

Federal awiasiýa adminstrasiýasy ABŞ-nyň Pars aýlagynyň suwlarynyň üstünden uçýan kommersiýa uçarlaryna olaryň ABŞ-Eýran dartgynlyklarynyň ýokarlanmagynyň çäginde anyklaşdyrylmadyk töwekgellik bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny duýdurdy.

Bu guramanyň 16-njy maýda çap edilen maslahat-geňeşine laýyklykda, bu duýduryş “sebitde ýokarlanan harby işjeňligiň we güýçlenen syýasy dartgynlyklaryň ABŞ-nyň raýat uçarlarynyň hereket etmegine döredýän bimatlap, ýalňyşlyk ýa dogry saýgaryp bilmezlik esasynda ýüz berip biljek töwekgelligik” esasynda berilýär.

Dartgynlyklar soňky günlerde, ABŞ-Eýran harby konfliktiniň ähtimallygy baradaky aladalar bilen ýokarlandy.

ABŞ, Eýran tarapdan bolmagy mümkin howp-hatara salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogardaky we Pars aýlagyndaky harby kuwwatlyklaryny güýçlendirmegi buýurdy. Döwlet departamenti bolsa, ABŞ-nyň goňşy Yrakdaky ilçihanasyndan juda zerur bolmadyk işgärleri ewakuasiýa etmegi buýurdy.

Eýran Waşingtona wehim abanýandygy barada aýdylýanlary ret etdi we Birleşen Ştatlary dartgynlyklary kabul edip bolmajak derejede gyzdyrmakda aýyplady.

Iki tarap hem özleriniň uruş islemeýändiklerini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG