Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran ýazyjysy jemi 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Reza Khandan Mahabadi, Baktaş Abtin we Kayvan Bajan

Eýran sudy üç ýazyjyny milli howpsuzlyga garşy jenaýatda günäli tapyp, jemi 18 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Reza Khandan Mahabadi, Baktaş Abtin we Kayvan Bajan “döwlete garşy propaganda” alyp barmakda, “milli howpsuzlyga garşy hereket etmekde” günäli tapyldy.

Olaryň her birini alty ýyl azatlykdan mahrum etmek hökümi çykaryldy diýip, habarlarda aýdylýar. Olaryň sudy, aýdylmagyna görä, aprel aýynyň aýagynda boldy. Bu hili aýyplamalara daýanýan türme hökümleri Eýranda köplenç intellektuallara we Eýranyň ruhanylar dolandyryşyny tankyt edýän adamlara garşy çykarylýar.

Bu üç ýazyjy Eýranyň Ýazyjylar birleşiginiň agzalary bolup, bu guramanyň agzalary häkimiýetler tarapynda basyş astynda saklanylýar, olar ýygy-ýygydan söhbetdeşlige çagyrylýar, gorkuzylýar we türmä basylýar.

“Sud diňe bu üç ýazyjyny ýazgarmak bilen çäklenmedi. Bu diňe Ýazyjylar birleşiginiň garşysyna geçirilen sud seljerişligi däl. Bu ähli ýazyjylaryň we öz pikirini açyk aýtmak hukugyndan peýdalanmakçy bolýan beýleki adamlaryň ýazgarylmagy boldy” diýip, Halkara galamdaşlar guramasynyň bu höküme garşy çap eden beýanatynda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG