Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni sudy ozalky prezident Koçarýanyň deslapky tussaghanadan boşadylmagyny buýurdy


Sudýa Dawit Grigorýan Robert Koçarýanyň türmeden boşadylmagy baradaky karary yglan edýär.18-nji maý, 2019.
Sudýa Dawit Grigorýan Robert Koçarýanyň türmeden boşadylmagy baradaky karary yglan edýär.18-nji maý, 2019.

Dawaly sebit bolan Dagly-Garabagyň ozalky we häzirki liderleri şahsy kepilliklerini berenlerinden soň, Ermenistanyň ozalky prezidenti Robert Koçarýan deslapky tussaghanadan boşadyldy.

Koçarýan şu aýyň başynda 2008-nji ýylyň aprelinde soňlanan on ýyllyk prezidentliginiň soňky hepdelerinde konstitusiýa gurluşyny bozmakda aýyplanyp suda çekildi.

Ýerewan sudy 18-nji maýda, dekabrda tussag edileli bäri deslapky tussaghanada saklanylýan 64 ýaşyndaky Koçarýanyň, Dagly-Garabagyň liderleriniň kepillginden soň, azatlyga goýberilip biljekdigini aýdy.

Dagly-Garabagyň liderleri onuň sud diňlenişigi gaýtadan başlanda, suda geljekdigine kepil geçdiler.

Koçarýan goşundaky esgerlere 2008-nji ýylyň fewralynda geçirilen prezident saýlawlarynda ýol berildi diýilýän galplyklara garşy protest bildirýän oppozisiýa goldawçylaryna garşy güýç ulanmak barada bikanun görkezme bermekde aýyplanýar.

Ol özüne garşy bildirilýän aýyplary ret edip, olaryň syýasy äheňlidigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG