Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan parlamentiniň ilkinji mejlisinde ýakalaşyk ýüze çykdy


Owgan parlamenti
Owgan parlamenti

Owganystanyň täze parlamentiniň ilkinji mejlisinde onuň spikeri üstündäki närazylyklar sebäpli ýakalaşyk ýüze çykdy.

Internetde ýerleşdirilen wideoda parlamentiň aşaky öýüniň, ýagny Wolesi Jirganyň başlygy hökmünde telekeçi Mir Rahman Rahmaniniň yglan edilmegi netijesinde kanunçykaryjylaryň arasynda dawa-jenjel döredi.

Parlament geçen ýylky dawaly saýlawlardan soň, 19-njy maýda özüniň ilkinji mejlisini geçiripdi.

Mundan bir öň geçirilen ses berilişikde Rahmani 123 sesi alyp, özüniň garşydaşy Kamal Nasir Osuliden üstün çykypdy. Osuli 55 sesi alypdy.

Emma, Rahmani spikerlige saýlanmak üçin zerur bolan 124 sesiň diňe birini alyp bilmedi. Rahmaniniň tarapdarlary özleriniň ýeňiş gazanandygyny aýdyp, ony parlamentiň täze başlygy diýip yglan etdiler.

Emma, Rahmaniniň garşydaşlary onuň spikeriň kürsüsine oturmagyna garşy çykdylar.

XS
SM
MD
LG