Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kraýstçörç hüjümçisine terrorizm aýyplamasy bildirildi


Brenton Tarrant 15-nji martda şäheriň iki metjidine hüjüm edip, 51 adamy öldürmekde we onlarçasyny ýaralamakda aýyplanýar.

Täze Zelandiýanyň Kraýstçörç (Christchurch) şäherindäki metjide hüjüm edene resmi ýagdaýda terrorizm aýyplamasy bildirildi diýip, ýurduň polisiýasy 21-nji maýda maglumat berdi.

Öz-özüni ak supermasisti diýip yglan eden awstraliýaly Brenton Tarranta adam öldürmek we adamyň janyna kast etmek synanyşygy boýunça degişlilikde 51 we 39 aýyplama bildirildi.

Terrorizm aýyplamasy ömürlik türme tussaglygyny göz öňünde tutýar.

Tarrant 15-nji martda şäheriň iki metjidine hüjüm edip, 51 adamy öldürmekde we onlarçasyny ýaralamakda aýyplanýar.

Bu Täze Zelandiýanyň taryhyndaky iň ganly hüjüm bolupdy.

28 ýaşly Tarrantyň indiki sud diňlenişigi iýunda geçiriler.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG