Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň Ukraina boýunça duşuşygy geçirmek teklibini ret etdi


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi (arhiw suraty)
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi (arhiw suraty)

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Ukrainadaky dil baradaky täze kanun boýunça Russiýanyň duşuşygy geçirmek baradaky teklibini ret etdi.

Russiýa 15 agzalyk Geňeşiň diňe dördüsiniň, ýagny Hytaýyň, Günorta Afrikanyň, Ekwatorial Gwineýanyň we Dominikan Respublikasynyň goldawyny almagy başardy. Duşuşygyň geçirilip bilinmegi üçin bu baradaky degişli teklibi Geňeşiň azyndan dokuz agzasy goldamalydyr.

ABŞ, Fransiýa, Germaniýa, Britaniýa, Belgiýa we Polşa teklibe garşy ses berdiler. Indoneziýa, Kot-d’Iwuar, Küweýt we Peru ses bermekden saklandylar.

Russiýanyň 20-nji maýdaky teklibi Ukrainanyň täze prezidenti Wolodymyr Zelenskiýiň kasam getiren gününe gabat geldi.

ABŞ-nyň ýerine ýetiriji ilçisi Jonathan Kohen (Jonathan Cohen) Moskwanyň teklibini “Russiýanyň Ukrainada häkimiýetiň parahatçylyk we demokratik ýol bilen geçişinden ünsi sowmak üçin eden synanyşygy” diýip, häsiýetlendirdi.

XS
SM
MD
LG