Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ýitileşýän dartgynlyga alada bildirdi


BMG-niň metbugat wekili Stephane Dužarriç (Stephane Dujarric)

Birleşen Milletler Guramasy ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky barha ýitileşýän söz gapma-garşylygyna alada bildirip, taraplary asudalygy saklamaga çagyrdy.

Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha dartgynlaşýan döwri, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 20-nji maýda özüniň Twitter hasabynda “Eger-de Eýran söweşmek isleýän bolsa, bu Eýranyň resmi ýagdaýda soňy bolar” diýip, ýazgy galdyrdy.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bulary ret edip, Eýrana haýbat atmazlygy duýdurdy.

“Biz ýitileşýän söz gapma-garşylygyndan aladalanýarys” diýip, BMG-niň metbugat wekili Stephane Dužarriç (Stephane Dujarric) belledi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG