Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň ozalky wise-premýeri Şamil Atahanow deslapky tussaghana ýerleşdirildi


Aziz Batukaýew. Arhiw suraty

Gyrgyzystanyň ozalky wise-premýeri Şamil Atahanow 2013-nji ýylda ýurduň iň bir ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesini türmeden ir boşatmak bilen baglylykda tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi 21-nji maý güni giçlik Atahanowyň Aziz Batukaýewiň bikanun ir boşadylmagyna gatnaşykda güman eedilip, “deslapky tussaghana ýerleşdirilendigini” aýtdy.

Atahanow Batukaýew 2013-nji ýylda akganlylyk keseli bilen keselledi diýlip, türmeden ir boşadylanda wise-premýer bolup işleýärdi. Soňra onuň diagnozynyň galplaşdyrlandygy mälim boldy.

Içeri işler ministrligi geçen hepde ozalky saglyk ministri Dinara Sagynbaýewanyň we Döwlet jeza öýleri gullugynyň ozalky geňeşçisi Kalybek Kaçkynaliýewiň hem bu iş bilen baglylykda tussag edilendigini aýtdy.

Geçen hepde Batukýaewiň ir boşadylmagyna kömek etmekde aýyplanyň dört sany lukman hem tussag edildi.

Etniki çeçen bolan Batukaýew 2006-njy ýylda, birnäçe agyr jenaýat, şol sanda gyrgyz deputatynyň we IIM-niň resmisiniň öldürilmegi bilen baglylykda, 17 ýyla golaý türme tussaglygyna höküm edildi.

Ol türmeden boşadylan badyna Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitindäki Çeçenistana gitdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG