21-nji maýda Praganyň köçelerine müňlerçe adam demonstrasiýa çykdy, olar Çehiýanyň täze bellenen adalat ministriniň premýer-ministr Andreý Babişi galplyk aýyplamalaryndan saplamagyndan alada bildirýärler.
Bu “Demokratiýanyň million pursaty” topary tarapyndan Marie Benesowa başyş görkezmek üçin häzire çenli gurnalan protestler tapgyrynyň iň ulusy bolady.
Guramaçylar bu gezekki proteste on müňlerçe adamyň gatnaşandygyny aýdýarlar.
Protestçiler Benesowanyň milliarder Babişi aýyplamalardan sypdyryp biljeginden alada bildirdiler. Babiş geçen ýyl Ýewropa Bileleşiginden alnan 2 million ýewro subsidiýa bilen ilteşiklilikde aýyplandy.
Polisiýa geçen aý prokurorlaryň Babişe aýyp bildirmegine çagyrdy. Şäheriň Wenseslas skwerina toplanan demonstrasiýaçylar “Garaşsyz sud”, “Işden çekil” we “Utanç” diýen şygarlary galdyrdylar.