Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň oppozision partiýasy häkimiýetleri ganly türme pitnesi hakyndaky hakykaty ýaşyrmakda aýyplaýar


TYGDP türmede bolan gozgalaňda öldürilenleriň sanynyň, öz maglumatlaryna görä, has kändigini aýtdy.
TYGDP türmede bolan gozgalaňda öldürilenleriň sanynyň, öz maglumatlaryna görä, has kändigini aýtdy.

Täjigistanyň gadagan edilen oppozision hereketi, Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasy (TYGDP) häkimiýetleri ganly türme pitnesi hakyndaky hakykaty ýaşyrmakda günäleýär.

Duşenbedäki hökümet bu gozgalaňda 32 adamyň, şol sanda bu toparyň üç agzasynyň öldürilendigini aýdýar.

TYGDP 20-nji maýda, giçlik çap eden beýanatynda 19-njy maý güni giçlik Duşenbäniň golaýyndaky türmede bolan gozgalaňda öldürilenleriň sanynyň, öz maglumatlaryna görä, has kändigini aýtdy.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Duşenbäniň 15 km çemesi gündogaryndaky Wahdat etrabynda ýerleşýän berk düzgünli türmede üç türme goragçysynyň we 29 tussagyň, şol sanda TYGDP-nyň üç agzasynyň öldürilendigini aýtdy.

TYGDP häkimiýetler 2015-nji ýylda gadagan etmezlerinden öň ýurtdaky esasy oppozision partiýa bolup durýardy. Bu partiýanyň gadagan edilmegi esassyz we syýasy sebäpli diýlip, giňden tankyt edildi.

IIM öldürilen 17 tussagyň “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň agzasydygyny aýtdy, bu beýanat garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi.

20-nji maýdaky çaknyşyk ýurtda soňky alty aýda bolan ganly türme gozgalaňlarynyň ikinjisidir.

tajikistan map
tajikistan map

TYGDP häkimiýetleriň noýabrda bolan türme gozgalaňynyň hem jikme-jikliklerini ýaşyrandyklaryny aýtdy. Şonda hökümet çaknyşyk mahalynda 21 tussagyň we iki türme goragçysynyň öldürilendigini aýdypdy.

Beýanatda häkimiýetleriň jemgyýetçilige iki gozgalaň barada hem “örän sypjyk we gümürtik” maglumat berendigi, bu ýagdaýyň “bir topar sorag we güman” döredendigi aýdylýar.

"TYGDP ýolbaşçylary gozgalaňlar we olaryň netijeleri üçin hökümeti doly jogapkär hasaplaýar, sebäbi onuň soňky ýyllarda syýasy partiýalara, aktiwist toparlaryna we aýratyn alnan adamlara garşy alyp baran syýasaty zorluk-süteme gaplandy” diýip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de TYGDPýolbaşçylary öz guramalarynyň tussaglykda saklanýan agzalarynyň saglygy we abadançylygy babatda, şeýle-de beýleki tussaglar babatda hökümeti doly jogapkär hasaplaýandygyny aýtdylar.

Bu beýanatda türme gozgalaňlary babatda “garaşsyz žurnalistleriň we Halkara Gyzyl haç guramasy ýaly halkara guramalarynyň” gatnaşmagyndagaraşsyz derňew geçirilmegine çagyryş edilýär.

AÝ/AR-nyň habarçylary 20-nji maýda gozgalaň wagtynda öldürilen üç türme goragçysynyň jaýlanandygyny habar berdiler.

Gozgalaň wagtynda öldürilen tussaglaryň hem azyndan ikisi, şol sanda 20 ýaşly Behruz Gulmurod, Täjigistanyň IIM-niň ýörite güýçleriniň ozalky komandiri, 2015-nji ýylda YD toparyna goşulan Gulmurod Halimowyň uly ogly hem jaýlanyldy. Ol maşgala agzalarynyň gatnaşmazlygynda, däp bolan jynaza namazy okalmazdan jaýlandy.

TYGDP agzasy Sattor Karimow şol gün Duşenbede jaýlandy. Onuň jaýlanmagyna maşgalasy gatnaşdy we jynaza namazy okaldy.

XS
SM
MD
LG