Gürjüstanyň ozalky prezidenti, Ukrainanyň Odessa sebitiniň gubernatory bolup işlän Mihail Sakaşwili Ukrainanyň täze prezidentinden öz ukrain raýatlygynyň dikeldilmegini sorady.
Sakaşwiliniň aklawçysy Ruslan Çornolutskiý 22-nji maýda feýsbukda onuň ukrain prezidenti Wolodimir Zelenskiniň diwanyna raýatlygynyň dikeldilmegini sorap, resmi taýdan ýüz tutandygyny yglan etdi.
Sakaşwilä ukrain raýatlygynyň beriilmegi we onuň 2015-nji ýylda Odessanyň gubernatory wezipesine bellenmegi baradaky karar Zelenskiden öňki prezident Petro Poroşenko tarapyndan kabul edildi.
Tbilisiniň häkimiýetleri Gürjüstanyň goşa raýatlyga rugsat bermeýändigine esaslanyp, 2015-nji ýylyň dekabrynda Sakaşwiliniň gürji raýatlygyny ýatyrdylar.
Soňra, korrupsiýa barada aýdylýanlar üstünde Sakaşwili bilen Poroşenkonyň arasy bozuldy we Poroşenko 2016-njy ýylyň noýabrynda Sakaşwilini Odessanyň gubernatory wezipesinden boşatdy.
Sakaşwili 2017-nji ýylyň iýulynda “Täze güýçler hereketi” atly oppozision partiýa döretdi we bu ýagdaý ahyrynda Poroşenkonyň Sakaşwiliniň ukrain raýatlygyny ýatyrmak barada karar çykarmagyna alyp geldi.