Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň prezidenti Gazagystandan nebit almagy teklip edýär


Belneftekhim” “Družba” arkaly nebit gelmeginiň dikeldilmeginiň iki aý wagt aljagyny aýtdy. 

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Gazagystan bilen Belarusa nebit ibermek mümkinçiligi barada gepleşik açmagy teklip edýär, bu barada döwlet eýeçiligindäki Belta habar gullugy 23-nji maýda habar berdi.

Orsýet aprelde, nebitiň zaýalanandygy belli bolup, global nebit bazarlaryny howsala salandan soň,“Družba” geçirijisi arkaly iberýän nebitini togtatdy.

Lukaşenko Gazagystanyň Belarusdaky ilçisi bilen gürleşip, Minskiniň öz nebiti gaýtadan işleýän zawodlary üçin nebit ýollaryny diwersifikasiýa etmek isleýändigini aýtdy.

Gazagystanyň Belarusdaky ilçisi Ýermuhamet Ýertysbaýew Gazagystanyň Belarusa nebit ibermäge taýýardygyny, emma ilki Orsýet bilen ylalaşmagyň zerurdygyny aýtdy diýip, Belta habar berýär.

Şu aralykda, geçiriji operatory “Transpetrol” 23-nji maýda Orsýetiň “Družba” arkaly Slowakiýa nebit ibermeginiň bir gün ozal dikeldilendigini habar berdi.

Bu geçiriji Orsýetiň we Gazagysanyň nebitini belarusyň üstünden Polşadaky, Germaniýadaky we Slowakiýadaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlara iberýär.

Belarusyň döwlet energiýa kompaniýasy “Belneftekhim” bir hepde ozal, rus nebiti zaýalanandan soň, “Družba” arkaly nebit gelmeginiň dikeldilmeginiň iki aý wagt aljagyny aýtdy.

Bu kompaniýa Belarusda häzir 1.2 million tonna zaýalanan nebitiň bardygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG