Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda bolan partlamada azyndan üç adam öldi


Gazni welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Arif Noori

Owganystanyň Içeri işler ministrligi ýurduň günorta-gündogaryndaky Gazni şäherinde bolan ulag partlamasynda azyndan üç adamyň ölendigini, ondan gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýdýar.

Ministrligiň 22-nji maýdaky beýanatynda aýdylmagyna görä, polisiýanyň barlag-howpsuzlyk nokadynda saklanmadyk we partlaýjy goýlan maşyny oka tutmagy partlama sebäp boldy.

Partlama netijesinde iki polisiýa ofiseri we bir çaga öldi diýip, ministrlik aýtdy.

Aýdylmagyna görä, partlan maşyn ogurlanan “Humvee” awtomobili bolup, ol Owganystanyň harbylaryna Birleşen Ştatlar tarapyndan berlen harby awtoulaglaryň biri eken.

Gazniniň şäher jemgyýetçilik hassahanasynyň başlygy Baz Mohammad Hemat partlama netijesinde azyndan 15 sany asuda adamyň we bäş polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Welaýat gubernatorynyň sözçüsi Arif Noori resmileriň “Talybanyň” şeýle hüjümi taýýarlaýandyklary barada öňünden maglumat alandyklaryny aýtdy. Gazniniň köp bölegine kontrollyk edýän “Talyban” hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG