Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani: Eýran hatda bombalansa hem tabyn bolmaz


Hassan Rohani

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Tähran bilen Waşingtonyň arasynda artýan dartgynlyklaryň arasynda, öz ýurdunyň ABŞ-nyň basyşlaryna, hatda ol bombalansa-da tabyn bolmajakdygyny aýtdy.

Rohani bu sözleri 23-nji maýda aýtdy. Eýranyň ýokary harby komandiri bolsa şol gün islindik duşman “hilegärçiliginiň” berk gaýtawula sezewar boljakdygyny duýdurdy.

Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýagdaýy prezident Donald Tramp bir ýyl ozal Birleşen Ştatlary 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygynda nçykaraly bäri beterleşdi.

Dünýä döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygy Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagynyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini berdi. Emma Waşington ylalaşykdan çykaly bäri ykdysady sanksiýalary gaýtadan girizdi.

Birleşen Ştatlar şu aýyň başynda, Eýrandan abanmagy mümkin wehime salgylanyp, Ýakyn Gündogardaky we Pars aýlagyndaky harby güýçlerini hem artdyrdy.

Bu ýagdaý Eýran bilen arada harby konflikt mümkinçiligi baradaky aladalary güýçlendirdi. Eýran özüne ýüklenýän günäleri ret edýär.

XS
SM
MD
LG