Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Wikileaksi esaslandyryjy Julian Assanja garşy täze jenaýat aýyplamasyny bildirdi


Julian Assanj. Arhiw suraty

ABŞ häkimiýetleri, Birleşen Ştatlara uly zyýan ýetmegine sebäp bolan müňlerçe gizlin dokumenti çap edendigini aýdyp, Wikileaksi esaslandyryjy Julian Assanja garşy täze jenaýat aýyplamasyny bildirdi.

23-nji maýda aýan edilen we 18 günäden ybarat bolan aýyplamalar Içalyçylyk akty esasynda bildirilip, Assanjy ABŞ-nyň ozalky aňtaw analitigini materiallary syzdyrmaga gönükdirmekde aýyplaýar.

Bu maglumat syzdyrmalary ABŞ-nyň taryhynda gizlin maglumatlaryň iň uly syzdyrylmasy boldy.

Assanj häzir, aprelde Ekwadoryň ilçihanasyndan, birnäçe ýyllap bukulyp ýaşan ýerinden kowlup çykarylaly bäri, Londondaky tussaghanada saklanýar.

Birleşen Ştatlar onuň ekstradisiýa edilmegini gazanmaga çalyşýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG