Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tereza Meý Britaniýanyň premýer-ministri wezipesinden çekilýändigini yglan etdi


Tereza Meý. Arhiw suraty

Tereza Meý 7-nji iýunda Britaniýanyň Konserwatiw partiýasynyň başlyklygyndan çekiljekdigini yglan edip, ýurduň premýer-ministriniň wezipesiniň üstünde nobatdaky bäsleşige ýol açdy.

Meý 24-nji maýda Downiň köçesiniň 10-njy jaýynyň daş işiginde çykyp gürläp, täze lider saýlanýança premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetirjekdigini, bu prosesiň birnäçe hepde wagt aljakdygyny aýtdy.

Bir zaman ÝB-niň agzalygynyň göwünsiz goldawçysy bolan Meý bu uly wezipä 2016-njy ýyldaky Breksit ses berişliginden soňky başagaýlyk esasynda geldi.

Meý öz partiýasynyň Britaniýany plan boýunça Ýewropa Bileleşiginden alyp çykyp bilmändigi üçin işden çekilmek barada görkezen basyşlaryna boýun boldy.

Onuň işden gitmegi partiýa ýolbaşçylygy üstünde bäsleşik döremegine sebäp bolar, çünki islendik konserwatiw deputat bu wezipä dalaş edip bilýär. Ozalky daşary işler ministri, Breksitiň berk tarapdary bolan Boris Jonson bu meselede has beter göze ilýär.

Britaniýa häzir ÝB-ni 31-nji oktýabra çenli terk etmeli, emma parlament entek onuň çykyş şertlerini tassyklamady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG