Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul metjidinde bolan partlama bir adamy öldürdi, on alty adamy ýaralady


Kabuldaky Abdul Rahman metjidi. Arhiw suraty

Owgan paýtagty Kabuldaky metjitde 24-nji maýda bolan partlamada bir adam öldürildi, 16 adam ýaralandy diýip, Owganystanyň Içeri işler ministrligi aýtdy.

Ministrligiň sözsüsi Nasrat Rahimi Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna öldürilen adamyň namaz başyny çekýän ruhany Mawlawi Raihan bolandygyny aýtdy.

Etrap polisiýasynyň resmisi Jan Agha AP habar gullugyna bombanyň ymamyň juma namazy mahalynda ulanýan mikrofonynyň içinde ýerleşdirilene meňzeýändigini aýtdy.

Häzirlikçe bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG