Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp döwlet sapary bilen Ýaponiýa geldi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýaponiýanyň premýer-minsitri Şinzo Abe bilen. Arhiw suraty
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ýaponiýanyň premýer-minsitri Şinzo Abe bilen. Arhiw suraty

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, belki-de söwda dartgynlylaryna garamazdan, gatnaşyklaryň berkdigini görkezmek üçin, döwlet sapary bilen Ýaponiýa geldi.

Tramp we birinji hanym Melania Tramp 25-nji maýda “Howa güýçleri biriň” bortunda, 14 sagatlyk uçudan soň Ýaponiýa geldi.

Ýaponiýanyň premýer-minsitri Şinzo Abe 28-nji maýa çenli dowam etjek sapar wagtynda Trampy imperiýa banketi we sumo ýaryşlaryndaky öň hatar orunlary bilen hezzetlär.

Analitikleriň aýtmagyna görä, bu sapar Abeniň Ýaponiýany Tramp tarapyndan görlüp biljek has surnukdyryjy jogap çärelerinden halas etmek tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.

ABŞ lideri milli howpsuzlyk aladalarynyň esasynda ýapon awtomobillerininiň we ätiýaçlyk şaýlarynyň importyna ABŞ tariflerini girizmek wehiminden el çekmekden ýüz öwürdi.

ABŞ-nyň ýapon alýuminine we poladyna garşy tarifleri hem saklanýar.

Tramp Ýaponiýanyň täze imperatory, tagty şu aýyň başynda miras alan Naruhito tarapyndan kabul edilen ilkinji daşary ýurt lideri bolar. Tramp şu hepdäni başynda bu çakylyga begenendigini bildirdi.

XS
SM
MD
LG