Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Türkmenistany Azerbaýjanyň üstünden ÝB-niň gaz bazarlaryna çykmaga çagyrýar


TOPH geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilýär. Arhiw suraty. Serhetabat, 23-nji fewral, 2018.
TOPH geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berilýär. Arhiw suraty. Serhetabat, 23-nji fewral, 2018.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti geçen ýyl Kaspi deňziniň durumy baradaky Konwensiýa gol çekilmegine oňyn garaýar we Türkmenistany hazarýaka döwletleri bilen baglaşylan ylalaşykdan “Günorta koridora” goşulmak üçin peýdalanmaga çagyrýar.

Biz Kaspi deňziniň durumy baradaky ylalaşyga gol çekilmegini öňe tarap ädilen oňyn ädim hasaplaýarys. Türkmenistan bilen arada eksport koridorynyň [gurulmagyny] ähmiýetli hasaplaýarys. Olar [Türkmenistan] häzir Hytaýa [gaz]eksport edýär, olarda mümkinçilik bar we eger-de olar Azerbaýjanyň ýa beýleki ýurtlaryň üstünden ýewropa baglanyp bilseler, bu gowy bolar” diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň energetika boýunça kömekçisi Sandra Oudkrik Kaspi forumy wagtynda “Nowosti” habar agentligine aýtdy.

“Trend” habar gullugynyň Orsýetiň “Nowosti” habar gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, amerikan resmisi munuň ýurduň ösüşine oňyn täsir ýetirjekdigini belledi.

Amerikan resmisine pikiriçe, bu bazara goşmaça konkurensiýa getirer.

Biz Türkmenistanyň bär bolan mümkinçilikleriň ählisinden peýdalanmagyny islärdik. Bu Türkmenistanyň özüne bagly. Meniň ozal hem belleýşim ýaly, Türkmenistan bir alyja garaşly, emma onuň ykdysadyýeti has kän goldawa eýe bolup biler” diýip, Oudkirk aýtdy.

Türkmenistan onlarç ýyl bäri gaz satmak ýollaryny diwersikasiýa etmäge çalyşýar. Şu aralykda Aşgabat Orsýetdäki we Eýrandaky alyjylary bilen oňuşmalyklardan hem zyýan çekdi.

XS
SM
MD
LG