Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Deňiz tribunaly Orsýetiň ukrain deňizçilerini “gyssagly" azat etmegine çagyrýar


Kiýew. Ýüzlerçe protestçi 24 deňizçiniň derrew azat edilmegini talap edýär. 25-nji maý, 2019.
Kiýew. Ýüzlerçe protestçi 24 deňizçiniň derrew azat edilmegini talap edýär. 25-nji maý, 2019.

BMG-niň deňiz tribunaly Orsýetiň noýabrda tussag eden 24 ukrain deňizçisini we ele geçiren üç ukrain gämisini “haýal etmezden” boşatmalydygy barada karar çykardy.

Düýbi Hamburgda ýerleşýän we deňiz kanunçylygyna gözegçilik edýän Halkara tribunal bu karary 25-nji maýda, Ukrainanyň Orsýete garşy ýazan şikaýat arzasy esasynda çykardy.

Orsýet gürrüňi edilýän ukrain gämilerini noýabrda, Orsýet bilen Gara deňziň Krym ýarymadasyny baglaýan Kerç bogazynyň köprüsiniň golaýynda tussag etdi.

Tribunalyň prezidenti Jin-Hyun Paik sudýalaryň Orsýet tussag edilen üç gämini “haýal etmän” Ukraina gowşurmaly, deňizçileri bolsa boşadyp, olaryň Ukraina gaýdyp barmaklaryna rugsat bermeli diýen karara gelendigini aýtdy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi BMG-niň deňiz hukugy boýunça Konwensiýasynyň, öz atlandyryşlary boýunça, “Kerç bogazy hadysasy" babatda ulanylyp bilinmejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG