Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwalylar täze prezident saýlamak üçin ses berýärler


Prezidentlige kandidatlar: Gitanas Nauseda (çepde) we Ingrida Simonyte
Prezidentlige kandidatlar: Gitanas Nauseda (çepde) we Ingrida Simonyte

Litwalylar 26-njy maýda iki sag ganat kandidatyň bäsleşmeginde täze prezident saýlamak üçin ses berýärler.

Bu saýlaw Ýewropa Parlamentiniň saýlawlarynyň gapdalyndan,12-nji maýda geçirilen prezident saýlawlarynda aýdyň ýeňiji bolmansoň, syýasatça öwrülen bankir Gitanas Nauseda bilen deputat we ozalky maliýe ministri Ingrida Simonyte bäsleşigi esasynda geçirilýär.

Ikinji tapgyr saýlawlarda ýeňiji bolan kandidat Litwanyň 2009-njy ýyldan bäri, bäş ýyldan iki möhlet döwlet baştutany bolan Dali Grybauskaiteniň ornuna geçer.

Saýlaw kampaniýalary ykdysady deňsizlik we korrupsiýa sebäpli saýlawçylaryň gahar-gazaby astynda geçdi.

Nauseda we Simonyte Orsýet babatda berk durmagy wada berip, Ukrainanyň Krym sebitinden çykýança rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Moskwa gitmejekdiklerini aýtdylar.

Orsýet 2014-nji ýylyň martynda Krym ýarymadasyny ele geçireninden soň, NATO özüniň Merkezi we Gündogar Ýewropadaky, şol sanda Litwadaky aktiwlerini artdyrdy.

XS
SM
MD
LG