Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zarif Eýranyň arap goňşulary bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmagyna çagyrýar


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad ​Jawad Zarif öz ýurdunyň Pars aýlagyndaky arap goňşulary bilen deňagramly gatnaşyk gurmak isleýändigi baradaky sözlerini gaýtalady we olar bilen çozmazlyk hakyndaky şertnama gol çekişmäge çagyrdy.

Zarif bu sözleri Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagynyň arasynda Bagdatda, 26-njy maýda Yragyň daşary işler ministri Muhammad Ali Alhakim bilen bile çykyp gürlän metbugat ýygnagynda aýtdy.

Alhakim Bagdadyň Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda araçy bolmak isleýändigini aýtdy we Yragyň Waşington tarapyndan “birtaraply hereket” edilmegine garşy durýandygyny nygtady.

Yrak hem Eýran, hem Birleşen Ştatlar bilen gowy gatnaşyk saklaýar. Esasan şaýy ilatly Eýran ABŞ-nyň ýarany Saud Arabystany we Aýlakda ýerleşýän beýleki sünni ýolbaşçylygyndaky arap döwletleri bilen oňuşmaýar.

Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlyklar Birleşen Ştatlar bir ýyl öň 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykaly bäri ýokarlanýar.

Şondan bäri Waşington sanksiýalary gaýtadan girizdi we, Eýran bilen mümkin bolan harby konflikt aladalaryna salgylanyp, Ýakyn Gündogardaky harby kuwwatyny güýçlendirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG