Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň bir şäherinde 700 adamda HIV wirusy pozitiw netije görkezdi


Polisiýa lukman Muzaffar Ghangharonyň wirusy bilkastlaýyndan ýaýradyp-ýaýratmandygyny derňeýär.
Polisiýa lukman Muzaffar Ghangharonyň wirusy bilkastlaýyndan ýaýradyp-ýaýratmandygyny derňeýär.

Pakistanyň günortasyndaky Rato Dero şäherinde 700 töweregi adamda, aglaba çagalarda HIV wirusy tapyldy. Bu barada ýurduň Saglyk ministrligi maglumat berýär.

Resmiler apreliň başlarynda ýerli lukmanyň adamlary bu wirus bilen ýokuşdyrandygyny aýtdylar. Lukman Muzaffar Ghangharonyň özünde aids, ýagny spid wirusy bardyr.

Ýüzlerçe adamda HIV wirusy pozitiw netije görkezenden soň, Ghangharo şu aý tussag edildi.

Polisiýa onuň wirusy bilkastlaýyndan ýaýradyp-ýaýratmandygyny derňeýär.

“Rato Deroda 681 töweregi adamda HIV wirusy pozitiw netije berdi. Olaryň 537-si 12 ýaşdan kiçi çagalardyr” diýip, saglyk ministri paýtagt Yslamabatda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi.

Ol Rato Deroda häzire çenli 12 müň 375 adamyň barlagdan geçirilendigini aýdyp, şol bir wagtda wirusyň başgalarda hem tapylmagynyň mümkindigine alada bildirdi.

XS
SM
MD
LG