Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German prezidenti özbek kärdeşi bilen duşuşýar


Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Steinmeier Daşkentde geldi. 27-nji maý, 2019 ý.

Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Steinmeier Daşkentde özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirýär. Steinmeier iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maskady bilen üç günlük sapar bilen Özbegistana geldi.

Bu saparyň 2016-njy ýylda häkimiýet başyna Mirziýoýewiň geçmegi bilen başladylan reformalara goldaw bermek üçin amala aşyrylýandygy hem aýdylýar. Ozalky özbek awtoritar prezidenti Yslam Kerimow degişlilikdäki izolýasiýa, üzňelik syýasatyny alyp barypdy.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy Steinmeiere ýüzlenip, öz saparynyň dowamynda Mirziýoýewiň “oňaýly özgerişleriniň” “uzyn ýoldaky kiçi ädimler” bolandygyny bellemäge çagyryş etdi.

Mirziýoýew häkimiýet başyna geçip, ýurduň çöken ykdysadyýetini galkyndyrmak, dürli reformalary geçirmek ugrunda hereket edip başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG