Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Siriýadan täjik aýalynyň nalyşy: “Pul ýollaň we meni satyn alyň”


Sarwinozi Abduhalil, täjik zenany, ol Siriýada, 25-nji maý 2019

“Onuň sesini iki gezek eşitdim. Maňa agyr boldy. Öz gyzymyň sesini eşidip, gygyrasym geldi” diýip, Dawlatbi Odinaýewa 25-nji maýda Azatlyk Radiosynyň täjik gullugyna aýtdy.

Enäniň gyzy bilen gepleşigi 19-njy maýda bolupdyr, onuň ýazgysy Azatlyk Radiosynda bar. Sarwinozi Abduhalil ejesine “daşary ýurtly bir aýalyň telefonyndan” jaň edendigini aýdyp, “olaryň kürt lagerleriniň birinde ýesirlikde bolýandygyny” hem mälim edýär.

“Ol maňa ‘eje, sende pul ýokdugyny bilýän, ýöne meniň janymy satyn alar ýaly, maňa pul ýollamagyny gaty isleýän’ diýdi. Mundan dört aý öň adamsynyň ölendigini hem mälim etdi. Häzir ol alty çagasy bilen ýesirlikde otyr. Ikinji gün bäri şol telefon nomere jaň edýän, ýöne hiç kim jogap berenok. Oňa bir zat bolaýdymyka diýip alada galýan” diýip, Dawlatbi Odinaýewa aýdýar.

Kulýapdan bolan bu aýalyň gürrüňine görä, onuň gyzy Sarwinozi Abduhalil 2015-nji ýylda adamsy Amirjon Abdurahmonow hem iki çagasy bilen saglygyny bejertmegi bahanalap, Orsýetden Siriýa gidipdir.

Ol öz gyzynyň halas edilmegine kömek sorap, hökümetlere ýüz tutupdyr. Häzirki wagtda täjik hökümeti ol aýaly hem çagalary uruş barýan arap döwletinden yzyna gaýtarmak barada, mümkin bolan ýollara seredýändigini mälim edipdir.

24-nji maýda Täjigistanyň daşary işler ministrligi ýurduň Kuweýtdäki ilçisi Zubaýdullo Zubaýdzoda 21-23-nji maý aralygynda Siriýanyň paýtagtynda bolup, bu ýurduň ýolbaşçylary bilen “şol ýurtda bolan Täjigistanyň graždanlarynyň kimlerdigini anyklamak, olaryň sany we olary yzyna gaýtarmak meselelerini maslahatlaşdy” diýip mälim etdi.

Mundan öň Siriýadaky BMG-niň iki lagerinde birden bäşe çenli çagalary bolan 34 täjik aýalynyň bardygyny, ýurda dolanmak üçin, Täjigistanyň DIM-ne ýüz tutandygyny habar berlipdi.

Täjik aýallarynyň hem çagalaryň san taýdan köplügi Siriýanyň Demokratik güýçleriniň kontrollygynda bolan Al-Hasaka welaýatynda ýerleşýändigi bellenilipdi. Siriýanyň kürtleriň kontrollygyndaky sebitlerindäki türmelerde IGIL agzalary saýylýan onlarça täjik söweşijileri bar.

Merkezi Aziýadan diňe Gazagystan Siriýadan birnäçe erkek adamy hem çagalary bilen 50 aýaly ýurda gaýtarmagy başardy.

Anonim şertde diplomatik çeşmäniň Azatlygyň täjik gullugyna aýtmagyna görä, aýallary hem çagalary ýurda gaýtarmak meselesinde, Täjigistanyň Siriýanyň Demokratik güýçleri bilen hiç bir diplomatik gatnaşygy ýok. Siriýanyň demokratlary Başar Asadyň hökümetiniň garşydaşlary saýylýar.

2014-nji ýylda “Yslam döwleti” diýilýän ekstremistik gurama Siriýada hem Yrakda basyp alan ýerlerini öz halyfaty diýip yglan etdi. Resmi maglumata görä, Täjigistanyň iki müň raýaty bu halyfata goşulmak üçin gidipdi.

AÝ/AR-nyň Täjik redaksiýasynyň materialy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG