Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belli gazak žurnalisti Taukina aradan çykdy


Rozlana Taukina

Gazagystanda media azatlygy ugrunda hereket eden belli žurnalist Rozlana Taukina 60 ýaşynda aradan çykdy.

Taukinanyň ýakynlarynyň we kärdeşleriniň sözlerine görä, ýurduň iň belli žurnalistleriniň biri 26-njy maýda aýdyňlaşdyrylmadyk hassalyk sebäpli ýogalypdyr.

“Taukina öz durmuş ýolunyň dowamynda basyş astyndaky žurnalistlere kömek etdi we [Gazagystandaky] metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada dünýä maglumat berdi” diýip, düýbi Stokgolmda ýerleşýän Graždan Hukuklarynyň Goragçylary toparynyň programma ofiseri Muzaffar Süleýmanow özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

1990-njy ýyllarda Taukina Gazagystanyň ilkinji garaşsyz radio stansiýalarynyň birinde baş redaktor bolup hem işläpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG