Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Moskwada owgan syýasatçylary we tire-taýpa kethudalary bilen duşuşýar


Gepleşiklere ozalky owgan prezidenti Hamid Karzaý hem gatnaşýar.

“Talyban” Moskwada owgan syýasatçylary we tire-taýpa kethudalary bilen duşuşmak üçin özüniň 14 agzalyk delegasiýasyny ýollandygyny mälim etdi.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabiullah Mujahid bu habary tassyklap, delegasiýa “Talybanyň” lideriniň orunbasary Molla Abdul Gani Baradaryň ýolbaşçylyk etjekdigini aýtdy.

Mujahid owgan syýasatçylary we tire-taýpa kethudalary bilen duşuşygyň geçiriljekdigini aýtsa-da, owgan hökümetiniň agzalary barada hiç zat aýtmady.

Gepleşiklere ozalky owgan prezidenti Hamid Karzaý hem gatnaşýar.

Bu daşary ýurtly güýçleriň “Talybany” we owgan hökümetini gepleşiklere çekmek tagallalaryň fonunda bolup geçýär.

Soňky aýlaryň dowamynda ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad Katarda “Talyban” bilen ençeme tapgyr gepleşikleri geçiripdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG