Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain raýatlygy dikeldilen Sakaşwili ukrain prezidentini öwýär


Mihail Sakaşwili. Arhiw suraty

Gürjüstanyň ozalky prezidenti we 2015-16-njy ýyllarda Ukrainanyň Odessa sebitiniň gübernatory bolup işlän Mihail Sakaşwili prezident Wolodimir Zelenskiý tarapyndan öz ukrain raýatlygynyň dikeldilmegini “batyrgaý ädim we edenli hem mynasyp prezident” diýen sözler bilen garşylady.

Sakaşwili bu sözleri AÝ/AR-nyň Ukrain gullugy bilen 28-nji maýda, Zelenskiý öňki prezident Petro Poroşenkonyň Sakaşwilini raýatlykdan mahrum etmek baradaky kararyny ýatyrýan karara gol çekenden soňra eden söhbetdeşliginde aýtdy.

Sakaşwili Poroşenkonyň özüni ukrain raýatlygyndan mahrum etmegini “gorkak ädim we mynasyp däl prezident” tarapyndan görlen çäre hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol özüne goldaw beren ukrainalylardan hoşaldygyny aýtdy we Ukrainada özüniň yzyna gelenini görmek islemeýän adamlaryň hem az däldigini belledi.

Şeýle-de Sakaşwili Zelenskiniň öz ukrain raýatlygyny dikeltmek barada “örän çalt” karara gelemginiň “onuň häsiýetini” görkezýändigini aýtdy.

Sakaşwiliniň sözçüsi Tanýa Bahranowska AÝ/AR-a onuň Kiýewe 29-njy maý güni, Warşawdan gelýän uçar bilen geljekdigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG