Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranyň öňki häkimi ikinji aýalyny öldürendigini boýun aldy


Mohammad Ali Najafi öz aýaly Mitra Ostad bilen. Arhiw suraty

Tähranyň öňki häkimi Mohammad Ali Najafi özüniň ikinji aýalyny öldürendigini boýun aldy diýip, eýran mediasy prokurora salgylanyp habar berýär.

Tähran şäheriniň prokurory Mohammad Şahriari 28-nji maýda Najafiniň “polisiýa ofiserlerine tabyn bolandygyny” we öz aýalyny maşgala dawalary bilen baglylykda öldürendigini boýun alandygyny aýtdy diýip, berk liniýaly “Tasnim” habar gullugy habar berdi.

Najafiniň ikinji aýaly Mitra Ostad Tähranyň Saadat Abad etrabyndaky öýünde bir gün ozal öli tapyldy diýip, resmi IRNA habar gullugy habar berdi.

Neşiriň maglumatyna görä, ol aýal birnäçe gezek tüpeňlenipdir.

Eýranda munuň ýaly ýarag zorlugy örän seýrek bolýar.

Najafi geçen ýyl berk liniýalylar tarapyndan ýaş gyzlaryň tans edýän dabarasyna barandygy üçin tankyt edilenden soň işden çekildi. Ol işden çekilende saglyk ýagdaýyna salgylandy.

XS
SM
MD
LG