Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanyň oppozisiýa protestçileri polisiýa bilen çaknyşdy


Baku. Polisiýa aktiwisti tutýar. Arhiw suraty
Baku. Polisiýa aktiwisti tutýar. Arhiw suraty

Azerbaýjan polisiýasy, biraz öňki tussag etmeler baradaky habarlaryň arasynda, 28-nji maýda prezident Ylham Alyýewiň hökümetine garşy ýygnanyşan oppozisiýa toparlary bilen çaknyşdy.

Protestçiler 28-nji maýda Mahammad Amin Rasulzadäniň doglan ýeri bolan Nowhani obasynda toplandylar.

Olar onuň döreden ilkinji Azerbaýjan döwletiniň – Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň 101 ýyllygyny bellemek islediler.

Polisiýanyň ýygnanyşyk wagtynda protestçiler bilen itekleşýän pursatlary görüldi. Oppozisiýa liderleriniň söz sözleýän wagtynda elektrik togy kesilende, olaryň goldawçylary “Işden çekil” we “Azatlyk” diýen sözleri aýdyp gygyrdylar.

Oppozisiýa liderleri bu çäreden öň aktiwistleriň tussag edilendigini, emma soň boşadylandygyny hem aýtdylar.

Azerbaýjanyň IIM-i tussag edilmeler we polisiýa gatyşmasy barada düşündiriş almak üçin eleýeterli bolmady.

Prezident Alyýew 27-nji maýdaky hökümet çäresinde Azerbaýjanyň köp ýyllap maglumat urşunyň nyşanasy bolandygyny, bu ýerde maksadyň ýurduň abraýyny gaçyrmakdan ybaratdygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG