Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew Daşkentde rus-özbek söwdasyny maslahatlaşar


Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Daşkentdäki halkara aeroportda garşy alyndy. 29-njy maý, 2019.
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Daşkentdäki halkara aeroportda garşy alyndy. 29-njy maý, 2019.

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew 29-njy maýda Orsýetiň we Özbegistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek barada maslahatlaşmak üçin özbek paýtagtyna geldi diýip, rus habar serişdeleri habar berýär.

Rus premýeri öz özbek kärdeşi Abdulla Arypow bilen hökümet başlyklarynyň derejesinde bilelikdäki komissiýanyň ilkinji mejlisini geçirer.

Şeýle-de, Medwedewiň prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygy habar berilýär. Soňra rus hökümetiniň başlygy Daşkentden Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada ugrar diýip, “Rossiýa 24” habar berýär.

XS
SM
MD
LG