Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Merkezi Aziýa ýurtlaryna dört günlük saparynyň başynda Täjigistana geldi.
Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Tusky 29-njy maý güni giçlik Duşenbedäki halkara aeroportda garşy aldy. Tusk özüni bu ýurda gelendigini feýsbukda habar berdi.
Ýewropa geňeşi biraz öň onuň 29-njy maýdan 2-nji iýuna çenli Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar etjekdigini aýtdy.
Tusk ilki Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, soňra Gazagystanda geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we ýurduň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Özbegistanda prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşar.
Geňeş Tuskyň saparynyň dowamynda regional we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, klimat özgermesi, tebigaty goramak, serhetler we regional howpsuzlyk meseleleri barada maslahat ediljegini aýtdy.
Tuskyň ozalky SSSR-iň üç ýurduna edýän sapary Ýewropa Bileleşiginiň öz täze Merkezi Aziýa strategiýasyna başlamagyndan iki hepde soň amala aşyrylýar.
Hormatly Maksat Ataýew! 30 maddalyk Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyn bir maddasy / yada bir näçe maddasy A hökümet tarapyndan gödek bozulan ýagdaýynda Birleşen Milletler Guramasy A hökümetine nähili çäre görmek hakynda 30 maddalyk ähliumumy jarnamasynda barmy? we şol ýagdayda Birleşen Milletler Guramasy nämy karara gelmeli? we nähili çäre görmeli?
Nahili nalaç edeyin hokumedimiz bar. Adamlar bejerip bolayjak kesellerdenem finans yagdayi sebapli ölübem gutorjak. Yarisi turkde yarisi hassahanada. Daşary dowletlerde hokumetler oz rayatlarna giden mumkincilikler beryar. In bolmanda kreditni kartoçkalary bilen hasaplasyp bilyarler, ussesine de işleyan adamlaryn saglyk strahowkasy bar. Strahowkan bar bolsa dermanlara hakyky bahasynyn 10% toleg edilyar. Ay bolyada janim yanya welin...