Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabuldaky partlamada azyndan alty adam öldürildi


Marşal Fahim Milli goranyş uniwersitetiniň golaýyndaky barlag nokadynda duran esger.

Kabuldaky harby türgenleşik merkeziniň işiginde janyndan geçeniň özüni partlatmagy netijesinde azyndan alty adam öldürildi, alty adam bolsa ýaralandy diýip, polisiýa we howpsuzlyk resmileri 30-njy maýda aýtdylar.

Hüjümçi partlaýjylaryny Marşal Fahim Milli goranyş uniwersitetiniň daş işiginde, owgan paýtagtynyň günbatarynda ýardy diýip, polisiýa aýtdy.

Partlama kadetler Owganystanyň esasy ofisser taýýarlaýan okuw jaýlarynyň biri bolan kolležden çykyp barýan wagtynda boldy.

Kabul polisiýasynyň sözçüsi Firdaws Faramarzyň sözlerine görä, pyýada gelen bombaçy ol ýerdäki esger öňünden çykan badyna özüni partlatdy.

"Başky maglumata görä, alty adam öldi, alty adam ýaralandy, polisiýa wakanyň bolan ýerine geldi” diýip, Faramarz aýtdy.

Hüjüm günoratana golaý, studentleriň remezan aýy sebäpli okuwdan ir çykýan wagtynda boldy.

Şu aralykda Owganystanyň Goranmak ministrligi 30-njy maýda öz goşunlarynyň Zabul welaýatyndaky talyban türmesinden 28 bendini halas edendigini aýtdy. Halas ediş operasiýasynda talybanyň iki jeňçisi öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG