Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz häkimiýetleri Atambaýewiň iş jaýynda diňleýji goýlandygy baradaky şikaýatyny derňeýär


Gyrgyz häkimiýetleri ozalky prezident Almazbek Atambaýew. Arhiw suraty
Gyrgyz häkimiýetleri ozalky prezident Almazbek Atambaýew. Arhiw suraty

Gyrgyz häkimiýetleri ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň öz iş jaýynda Milli howpsuzlyk komiteti tarapyndan diňleýji goýlandygy barada aýdan sözleri boýunça derňewe başlady.

Harby prokuraturanyň edarasy 30-njy maýda Atambaýeweiň 27-nji maýda resmi şikaýat arzasyny berendigini aýtdy.

Eger aýdylýanlar dogry bolup çyksa, bu şahsy durmuşa gatyşmazlyk, şahsy habarlaşmalara el degrilmezligi kanunlarynyň bozulmagy, wezipeden hyýanatçylykly peýdalanylmagy hasaplanar.

Atambaýew bilen gowy gatnaşykda durýan Aprel telewizion stansiýasy 23-nji maýdaky gepleşiklerinde bir wideo ýazgyny efire berdi we onda bir adam Milli howpsuzlyk komitetiniň ofiserleriniň özüni Atambaýewiň we prezident diwanynyň ozalky başlygy Farid Nyýazowyň edara jaýlarynda diňleýji gurallary oturtmaga mejbur edendigini gürrüň berýär.

Milli howpsuzlyk komiteti bu aýdylýanlary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG