Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan çilimiň bahasyny ýokarlandyrmakçy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Täjigistanyň häkimiýetleri çilimiň ähli görnüşleriniň bahasyny ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Täjigistanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň sanitar-epidemiologiýa howpsuzlygy edarasynyň ýolbaşçysy Suhrob Wohisow «Bir gün çilimsiz» atly çärelere bagyşlanan metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Onuň sözüne görä, çilimiň bahasyny ýokarlandyrmak çilimkeşleriň sanyny azaltmak üçin zerur bolup durýar. Munuň özi inçekesele hem rak keseline uçraýanlaryň sanyny-da azaldar. «Ykdysady ösüş we söwda ministrligi işçi toparyny döretdi, olar çilimiň ähli görnüşi boýunça bahalary ýokarlandyrmak üçin, zerur dokumentleri taýýarlaýarlar» diýip, Suhrob Wohidow mälim etdi.

Saglygy saklaýyş ministrliginiň bu ýolbaşçysy şeýle çäräniň beýleki döwletlere gowy netije berendigini belledi. Onuň sözüne görä, Merkezi Aziýadaky iň arzan çilim Täjigistanda; bir gap sigaret 3-5 somoni ($03-$05). “Biz özümizde öndürilen bir gap sigareti 5-den 7 somoni aralygyna çykarmakçy. Meselem, Türkmenistanda iň arzan çilim 50 somonä durýar” diýip, Wohidow aýdýar.

Metbugat konferensiýasyna gatnaşyjylardan käbiri çilimiň bahasynyň gymmatlamagy çilimkeşleriň, aýratyn-da üpjünçiligi pes bolan maşgalalaryň nasa geçjekdigini aýdýarlar.

Täjigistanyň hökümeti 2010-njy ýylda köpçüligiň üýşen ýerlerinde çilim çekmegi gadagan etdi. Şonda munuň ündewçisi bolup hut Emomali Rahmon çykyş etdi, onuň sözüne görä, öň hiç haçan bu zyýanly endige dahylly bolmandyr. Kanun çilimi satmagy hem çekmegi okuw jaýlarynyň töwereklerinde, edara jaýlarynda, kärhana guramalarda olaryň nähili eýeçilige degişlidigine garamazdan gadagan edipdi. Munuň daşyndan aeroportlarda, profilaktoriýalarda, şypahanalarda hem mezillerde çilim çekmek gadagan edildi. Temmäki önümini mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem keselhanalaryň ýüz metr golaýynda satmak gadagan boldy. Çilimkeşleriň hajady üçin aýratyn ýer bellendi. Düzgüni bozanlara jerime salynmak howpy bardy.

8 ýyl geçensoň çilime garşy täze kanun kabul edilip, ol respublikada çilimiň çekilişini has beter çäklendirdi. Munuň özi çilimi iş ýüzünde düýpli gadagan edýär: jemgyýetçilik ýerlerinde we edaralarda çilim çekmek düýbünden gadagan, temmäki önümlerini satmaga bolsa çäklendirme girizildi. 2018-nji ýyldan çilime salnan aksiz, ýagny ikinji derejeli salgyt üç esse ýokarlandy.

Çäklendirme diňe sigarete däl, kalýan – suw çilim bilen nasa-da degişli boldy.

Häzir temmäki önümlerini satmaga okuw jaýlaryndan hem medisina edaralaryndan ýüz metr daşlykda rugsat edilýär. Sigaretiň gapyrjagyny hem üýtgetdiler: çilimden gelýän zyýan barada maglumat goýdular.

Häzirki wagtda 9 million milleti bolan Täjigistanda ilatyň 7% her gün çilim çekýär. Bu görkeziji ABŞ bilen deňeşdireniňde iki esse azdyr, olarda kada boýunça ilatyň 15% çilim çekýär. Çilime gadagançylygy Täjigistanyň ilatynyň aglaba bölegi goldaýar.

Täjigistanda nas atýanlaryň sany çilimkeşlere garanda, has köp; nas elýeterli hem arzan.

2017-nji ýylda Täjigistanyň Alyjylar jemgyýeti nasyň taýýarlaýan ýerlerde barlag geçirip, onuň taýýarlanyş tehnikasy ähli düzgünlere ters gelýär diýen netijä geldi. «Hasy uly hapa legenlerde taýýarlaýarlar. Ony taýýarlaýjy elliksiz işleýär, egin-eşigi kadaly däl, ol jaýda ýakymsyz ys bar. Hatda – Nas67 – brendi söwda belgisi hem bar» diýip, Alyjylar jemgyýetiniň işgäri Ýelena Krawçenko aýdýar.

Has ulanmak ir zamandan bäri Merkezi Aziýanyň ilatyna mahsus. Sebitde nasy ulanyjy ýaşlaryň sany artýar. Sebäbi kanun kämillik ýaşyna ýetmediklere çilim satmagy gadagan edýär. Nasyň söwdasynda bolsa hiç bir gözegçilik ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG