Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň Tramp bilen şowsuz sammit zerarly 'arassalaýyş' geçirýändigi habar berilýär


Kim Jong Un we Kim Kim Ýong Çol. Arhiw suraty
Kim Jong Un we Kim Kim Ýong Çol. Arhiw suraty

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen fewralda Hanoýda geçiren şowsuz ýadro sammitinden soň, Birleşen Ştatlar bilen ýadro gepleşikleri boýunça ýörite wekilini jezalandyrandygy habar berilýär.

Wekil Kim Hyok Çol we Daşary işler ministrliginiň ady bilinmýeän dört işgäri baryp mart aýynda, Phenýanyň Mirim aeroportunda Birleşen Ştatlaryň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplanyp jezalandyryldy.

Bu habar Günorta Koreýanyň “Chosun Ilbo” gazeti tarapyndan ýaýradyldy.

Gazet ady aýdylmadyk demirgazyk koreýaly çeşmä salgylanýar.

"[Kim Hyok Çol] ABŞ-nyň niýetlerine gereginçe düşünmän, gepleşikler barada ýeterlik habar bermezlik bilen bagly ABŞ-nyň haýryna içalyçylyk etmekde aýyplandy.

Mundan başga, ýadro gepleşiklerinde ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň kärdeşi bolan Kim Ýong Çol ýurduň demirgazyk bölegindäki “täzeden terbiýeleýiş” lagerine sürgün edildi diýip, gazet habar berýär.

XS
SM
MD
LG