Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde 100-e golaý adam nobata durýar


Arhiwden alnan surat

Şu günler Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde döwletiň kesgitlän nyrhyndan çäkli möçberde şeker, tüwi we ösümlik ýagyny satyn almak üçin onlarça adam nobata durýar.

“Dükanlaryň arka taraplarynda nobata durýan adamlaryň sany 100-e ýetýär. Olaryň arasynda eli çagaly eneler, gartaşan adamlar we aýallar, ýaşlar we çagalar hem bar. Olar ir säherden nobata durup başlaýarlar. Şekeri, tüwini we ösümlik ýagyny dükanlaryň arka tarapyndaky gapylardan satýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň anonim şertde maglumat beren paýtagtdaky habarçylarynyň biri 31-nji maýda gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowşan wideo ýazgylarda döwlet dükanlarynyň satyjylary bilen nobata duran adamlaryň arasynda käte dawa-jenjeliň hem döreýändigini görse bolýar. Şeýle-de, garaşmakdan ýadap halys bolan gartaşan aýallaryň we adamlaryň käbiriniň töwerek-daşdaky ýanýodalarda oturandygy hem görünýär.

Azatlyk Radiosynda döwlet dükanlarynyň anyk belgileri, ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlaryň we nobatlary görkezýän wideo ýazgylaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Habarçynyň sözlerine görä, tüwi adam başyna 3 kilogramdan satylýar. Onuň 1 kilogramynyň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 8 manat. Şeker her adam başyna 1 kilogramdan satylýar, onuň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy 7 manat. Aýdylmagyna görä, hususy söwda nokatlarynda 1 kilogram tüwi 20 manatdan, şeker 12 manatdan satylýar.

Şol bir wagtda, habarçy döwlet dükanlarynyň arka tarapyndaky käbir adamlaryň şekeri özlerinden satyn almagy teklip edýändigini, ýöne olaryň onuň bahasynyň üstüne ýene 2 manat goşup satýandygyny hem aýtdy.

“Käbir adamlar döwlet dükanlarynda 7 manatdan satylýan şekeri özleriniň 9 manatdan satýandyklaryny aýdýarlar. Olaryň kimdigi belli däl” diýip, habarçy belledi.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowşan wideoda döwlet dükanlarynda tüwiniň, şekeriň we ösümlik ýagynyň söwdasy togtadylandan soňra, dükanyň arka tarapyndaky gapysyndan bu azyk harytlarynyň, şeýle-de towuk ýumurtgasynyň usullyk bilen çykarylyp, başga ulaglara ýüklenip alnyp gidilýändigini hem görse bolýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli dükanlaryň öňündäki nobatlar barada bu ministrligiň özünden maglumat alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlar dowam edýän mahalynda, paýtagtyň bazarlarynda käbir azyk harytlarynyň bahasynyň hem gymmatlaýandygyny aýtdylar.

“Import edilen towuk aýagynyň 1 kilogramy 10 manada durýar. Mundan öň onuň bahasy 8 manada barabardy. Munuň üstesine-de, satyn alnan 1 kilogram towuk etiniň gapdalyndan 120 gram çemesi buz çykdy. “Akar” gazlandyrylan agyz suwunyň bahasy 2 manat 70 teňňä barabar. 1 litr Fantanyň bahasy 34 manat 80 teňňe. Bu dollaryň resmi kursynda tas 10 amerikan dollaryna barabar” diýip, paýtagtdaky habarçylarymyzyň ýene biri gürrüň berdi.

Türkmenistanda şeker, ösümlik ýagy, towuk ýumurtgasy ýaly günübirin gerek bolýan ýa-da ulanylýan käbir azyk önümleriniň, şol sanda çöregiň we unuň gytçylygy indi 2017-nji ýylyň ahyryndan bäri wagtal-wagtal dowam edýär.

Bu gytçylyk aprel aýyndan gaýtadan güýçlenip, şonda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri Aşgabadyň söwda nokatlarynda we dükanlarynda her bir adama diňe 10 sany towuk ýumurtgasynyň satylýandygyny aýtdy.

15-nji maýda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda şeker gytçylygy gaýtadan emele gelendigini habar berdi.

Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Bu kynçylyklaryň, şol sanda azyk gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, ýurduň hökümeti 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan ilata çärýek asyrlap berlen ýeňillikleriň ençemesini, şol sanda gaz, suw, tok mugtçulygyny ýatyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG