Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud patyşasy Salman Mekgede geçen sammitde Eýrany ýazgardy


Saud patyşasy Salman
Saud patyşasy Salman

Saud patyşasy Salman arap liderleriniň Mekgede geçirilen adatdan daşary sammitinde halkara jemgyýetçiligini “Eýran režiminiň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmagyny togtatmak üçin ähli çäräni” görmäge çagyrdy.

Patyşa özüniň 30-njy maýda sözlän sözünde Eýrany “global we regional terror toparlaryny penalamakda, halkara suw ýollaryna wehim salmakda” aýyplady.

Yslamyň iň mukaddes şäherinde 30-njy maýda başlanan sammit 31-nji maý güni irden hem dowam etdi we Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň arasyndaky dartgynlyklaryň täze belentlikere galan wagtyna gabat gelip, harby konflikt bolmak ähtimallygy baradaky aladalary ýokarlandyrdy.

Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan sünni musulman ýurdy bolan Saud Arabystany şaýylaryň köplügindäki Eýran bilen ýiti bäsdeşlikde durýar we sebitdäki täsir ugrunda ýaryşýar.

Dartgynlyklar Saud Arabystanyndaky nebit geçiriji stansiýalara we Birleşen Arap Emirlikleriniň kenarlaryna golaý nebit tankerlerine edilen hüjümlerden soň ýokarlandy. Birleşen Ştatlar we arap ýurtlarynyň köpüsi bu işde Eýrany ýa-da onuň sebitdäki proksilerini günäkärledi.

Tähran bu hadysalara dahyllydygyny ret edýär.

Pars aýlagy hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) liderleri we Arap Ligasynyň sammite gatnaşan bir agzasy tarapyndan ýaýradylan soňky beýanatda Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri hüjüm bilen ýüzbe-ýüz bolanda, bähbitlerini goramak üçin olaryň hukuklary goldanylýar.

“Eýran arap döwletleriniň özygtyýarlygyna hormat goýmaly we ýurtlaryň işlerine gatyşmagyny bes etmeli. Bu regionyň howpsuzlygyna we durnuklygyna wehim salýar” diýip, liderler Arap Ligasynyň baş sekretary Ahmed Aboul Gheit tarapyndan okalan beýanatda aýdýarlar.

Şu aýyň başynda Saud Arabystany musulmanlar we arap ýurtlary tarapyndan Eýrana garşy bir umumy pozisiýany proýektirlemäge ýardam bermek üçin Mekgede duşuşyk geçirmäge çagyrypdy.

Muňa garamazdan, sammitdäki arap ýurtlarynyň arasynda doly raýdaşlyk ýokdy. Yrak arap ýurtlarynyň beýanatyny ret edýändigini mälim etdi.

Günbatar we Tähran bilen gowy gatnaşyklary saklaýan Yragyň prezidenti Barham Salih arap liderlerine Eýranyň howpsuzlygynyň we durnuklygynyň ähli musulman we arap ýurtlarynyň bähbidinedigini aýtdy.

Yrak regiondaky dartgynlylygy azaltmak üçin Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasynda araçylyk etmegi teklip etdi.

Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlyklar Birleşen Ştatlar bir ýyl öň 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykaly bäri ýokarlanýar.

Şondan bäri Waşington sanksiýalary gaýtadan girizdi we, Eýran bilen mümkin bolan harby konflikt aladalaryna salgylanyp, Ýakyn Gündogardaky harby kuwwatyny güýçlendirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG