Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus häkimiýetleri partlaýjy zawodynda bolan partlamalaryň sebäbini derňeýärler


Dzeržinsk şäherindäki partlaýjy zawodynda bolan partlamalaryň asmana galan tüssesi. 1-nji iýun, 2019.
Dzeržinsk şäherindäki partlaýjy zawodynda bolan partlamalaryň asmana galan tüssesi. 1-nji iýun, 2019.

Regionyň häkimiýetleri merkezi Orsýetde partlaýjy zawodynda bolan tapgyrlaýyn partlamalardan soňky halas ediş operasiýalarynyň jemlenendigini, derňewçileriň hadysanyň sebäpleriniň anyklamaga çalyşýandyklaryny aýdýarlar.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň resmisi Walery Sinkow 2-nji iýunda žurnalistlere “adatdan daşary halas ediş işleriniň tamamlanandygyny” aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häzir binalara ýeten zyýanyň netijeleri aradan aýrylýar, ýagdaý öwrenilýär. Şeýle-de Sinkow 1-nji iýunda bolan betbagtçylygyň garşysyna 700 çemesi işgäriň we 150 awtoulagyň çykarylandygyny aýtdy.

Orsýetiň Saglygy saklaýyş ministrligi 2-nji iýunda Moskwdan 400 km çemesi gündogarda ýerleşýän Dzeržinsk şäheriniň zawodynda bolan partlamalar netijesinde 89 adamyň, şol sanda zawodyň 44 işgäriniň medisina bejergisini alandygyny aýtdy. Ministrlik bir aýalyň agyr ýagdaýda galýandygyny hem sözüne goşdy.

Adatdan daşary ýagdaý resmileri partlamalar netijesinde dörän güýç tolkunlarynyň Dzeržinsk şäherinde we onuň golaýynda Pira we Želnino etraplarynda 39 işçiniň we 46 sany ýerli ýaşaýjynyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdylar.

Resmiler ol ýerde üç partlamanyň bolana meňzeýändigini aýdýarlar.

BBC ýerli resmilere salgylanyp, bu zawodyň harbylar üçin ýokary partlaýyş derejeleri bolan bombalary öndürmek üçin ulanylandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG