Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo ABŞ-nyň Eýran bilen “öňşertsiz” gepleşmek isleýändigini aýdýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo. Arhiw suraty
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo. Arhiw suraty

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Birleşen Ştatlaryň Eýran bilen “öňünden şert goýulmazdan” gepleşmek isleýändigini, emma basyş kampaniýasyny dowam etdirjekdigini aýdýar.

Pompeo bu sözleri 2-nji iýunda, Şweýsariýanyň günortasyndaky Bellinzona şäherinde şweýsar kärdeşi Ignazio Cassis bilen geçiren gepleşiklerinden soň aýtdy.

Şweýsariýalylar ABŞ-nyň Eýrandaky bähbitlerine wekilçilik edýär.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 1-nji iýunda tähranyň, eger sylag-hormatlylyk görkezse, Waşington bilen gepleşmek isleýändigini, emma basyşlar esasynda gepleşige girmejekdigini ýaňzytdy.

Tähran Waşingtonyň Ýakyn Gündogarda Eýrandan “görnetin wehim” abanýandygy barada aýdýanlaryny ret edýär.

XS
SM
MD
LG