Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talybanyň” başlygy baýram ýaraşygy çagyryşyny ret edýär, ABŞ wekili regiona ugraýar


“Talybanyň” başlygy Haibatullah Akhundzada

Birleşen Ştatlaryň wekili Owganystanda uzaga çeken urşy soňlamak tagallalarynyň çäginde, nobatdaky gepleşikler tapgyry üçin sebite ugran wagtynda “Talybanyň” başlygy ýakyn wagtda ýaraşyk baglaşylmak mümkinçiligini ret etdi.

Haibatullah Akhundzada 1-nji iýunda Owganystandaky daşary ýurt güýçleriniň “ýeňlişe höküm edilendigini” hem sözüne goşdy.

Emma muňa garamazdan, ol yslamçy söweşijileriň Birleşen Ştatlar bilen gepleşikleri dowam etdirjekdigini belledi.

“Talybanyň” söweşi we “basyp alyşlyga garşy göreş, alla oňlasa, üstünlikli tamamlanmak pellesine golaýlaýar” diýip, Akhundzada mukaddes Ramadan aýynyň aýagynda bellenýän Eýd baýramyna gabatlap eden beýanatynda aýtdy.

"Hiç kim biziň öz maksadymyza ýetmän, jihadyň gyzyşan söweş meýdanlaryna sowuk suw guýmagymyza ýa-da 40 ýyllyk pidalarymyzy unutmagymyza garaşmasyn” diýip, Akhundzada aýtdy.

Geçen ýyl “Talyban” Eýd baýramy döwründe üç günlük ýaraşyk düzgünlerine boýun boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG