Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katar Eýran boýunça geçirilen regional sammitiň netijelerini ret edýär


Kataryň daşary işler ministri Mohammed bin Abdulrahman al-Thani (arhiw suraty)
Kataryň daşary işler ministri Mohammed bin Abdulrahman al-Thani (arhiw suraty)

Katar Saud Arabystanynda Eýran bilen barha artýan regional dartgynlylyklar bilen baglylykda geçirilen adatdan daşary sammitiň netijelerini ret etdi.

Saud Arabystany gepleşikleri geçen dynç günleri mukaddes Mekge şäherinde geçirdi. Onuň dowamynda şa Salman Tährany global energiýa üpjünçilerine wehim salýan “terroristik hereketleri” amala aşyrmakda aýyplady.

Riýadh Tährany Birleşen Arap Emirlikleriniň kenar ýakalarynda gämilerini sobotaž etmekde, şeýle-de Ýemendäki Eýran tarapyndan goldanylýan huthi jeňçilerine saudlaryň gazgeçirijilerine dronly hüjümi etmäge görkezme bemekde günäkärläpdi.

Eýran aýyplamalary inkär etdi.

“Beýanatlar Eýrany ýazgarýar, emma Tähran bilen gepleşikleri geçirmek üçin aram syýasaty hödürlemeýär” diýip, Kataryň daşary işler ministri belledi.

XS
SM
MD
LG