Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Twitter Hytaý bilen baglylykdaky tankydy hasaplary togtadandygy üçin ötünç sorady


Twitter

Twitter Hytaý bilen baglylykdaky tankydy hasaplary togtadandygy üçin ötünç sorady. Bu Pekiniň Tiananmen meýdançasyndaky protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagynyň 30-njy ýyl dönüminiň öňýanynda bolup geçdi.

Twitter ulanyjylary sosial ulgamynyň bu hereketine nägilelik bildirdiler. ABŞ-nyň senatory Marko Rubio Twitteriň “Hytaýyň [hökümetiniň] senzurasyna öwrülendigini” aýdyp, twit galdyrdy.

Twitter “belli bir möçberdäki hasaplaryň” “platfoma manipulýasiýalaryna” baş goşýan hasaplary nyşana almak ugrundaky tagallalarynyň çäginde togtadylandygyny aýtdy.

Twitter Hytaý hökümetiniň hasaplary totgatmak barada haýyş bilen ýüz tutmandygyny belledi.

Twitter “islendik ýalňyşlaryň düzediljekdigini kepillendirmek” ugrunda tagalla edýändigini hem sözüne goşdy.

Hytaýda 1989-njy ýyldaky demokratik protestleri we olaryň harby güýç bilen basylyp ýatyrylmagyny agzamak gadagandyr. Şol protestlerde 200 töweregi adam heläk bolupdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG