Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli günä geçiş yglan etdi


Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagynyň öňüsyrasy onlarça tussagyň günäsini geçdi.

Resmi maglumata görä, prezidentiň kararyna laýyklykda 361 tussagyň günäsi geçiler, 214-siniň hem türme möhleti gysgaldylar.

Azatlyga goýberilenleriň altysy aýal we biri daşary ýurduň raýaty.

Ýurduň ozalky prezidenti, 2016-njy ýylda aradan çykan Yslam Kerimow Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli hiç haçan günä geçiş yglan etmändi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG